Türkmenistan we Koreýa Respublikasy göni howa gatnawlarynyň gerimini giňelder

13.06.2024, 07:1011,834

Günorta Koreýa bilen Türkmenistan Inçhon bilen Aşgabadyň arasynda göni howa gatnawlarynyň gerimini giňletmek babatda ylalaşdy. Bu barada Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol Aşgabatda geçirilen türkmen-koreý işewürlik maslahatynda eden çykyşynda belledi.

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti göni howa gatnawlarynyň geriminiň giňeldilmeginiň işewürlik gatnaşyklaryny has-da pugtalandyryljakdygyny belledi.
Ýatlatsak, 2023-nji ýylyň ýazynda Aşgabat — Inçhon — Aşgabat ugry boýunça Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda göni ýük howa gatnawlary işe girizildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.