Türkmenistanly karateçiler Merkezi Aziýanyň çempionatynda 9 medal gazandylar

17.06.2024, 22:4911,277

Türkmenistanyň adaty karate boýunça milli ýygyndy toparynyň agzalary Merkezi Aziýanyň çempionatynda 4 altyn, 3 kümüş hem-de 2 bürünç medallaryna eýe boldular. Bu barada Türkmenistan Halkara habarlar merkezi habar berýär.

8 — 16-njy iýun aralygynda Gazagystanyň Almaty şäherinde geçirilen ýaryşa bäş ýurtdan türgenleriň 300-den gowragy gatnaşdy.

Türkmen ýygyndysyndan altyn medallara eýe bolan türgenler:

  • Yhlas Annagurbanow (14-15 ýaş derejesindäki türgenleriň arasynda, kata).

  • Ibragim Şagulyýew (14-15 ýaş derejesindäki türgenleriň arasynda, kumite).

  • Nurgeldi Annagurbanow (18 — 21 ýaş derejesindäki türgenleriň arasynda, kata).

  • Selim Myratdurdyýew (22 — 25 ýaş derejesindäki türgenleriň arasynda, kumite).

Kümüş medallar:

  • Serdar Baýryýew (16-17 ýaş derejesindäki türgenleriň arasynda, kumite).

  • Ýagmyrmyrat Sähetmyradow (18 — 21 ýaş derejesindäki türgenleriň arasynda, kumite).

  • Gurbannazar Hümmedow (22 — 25 ýaş derejesindäki türgenleriň arasynda, kumite).

Bürünç medallar:

  • Ýunus Muhammetgulyýew (14-15 ýaş derejesindäki türgenleriň arasynda, kumite).

  • Myratbek Baltaýew (22 — 25 ýaş derejesindäki türgenleriň arasynda, kumite).

Türkmenistanyň ýygyndy topary çempionatyň netijesi boýunça medal sanawynda üçünji orny eýeledi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.