Türkmenistanyň Prezidenti we Halk Maslahatynyň Başlygy O.Kononenkony doglan güni bilen gutladylar

21.06.2024, 03:598,635

Prezident Serdar Berdimuhamedow we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Gahrymany, Kosmos işi boýunça «Roskosmos» döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawt-synagçysy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko şanly 60 ýaş toýy mynasybetli mähirli gutlaglaryny iberdiler.

«Siziň işiňiz hormatly we jogapkärli işdir. Şol işiň netijeleri dünýäniň tehnologik ösüşine, bütin adamzadyň durmuşynyň gowulanmagyna saldamly goşant goşýar» diýip, döwlet Baştutany hatynda belledi.
«Siz ömrüňizi kosmosy öwrenmäge, älem-jahana akyl ýetirmäge we ylmy ösdürmäge bagyşladyňyz. Biz Türkmenistanda siziň uçuşyňyzy hem-de üstünlikleriňizi ruhubelentlik bilen synlaýarys. Kosmosda bolýan wagtyňyzda hem siziň Türkmenistana bolan söýgiňizi we aýratyn ünsüňizi görmek bizi begendirýär» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri gutlag hatynda belledi.

Belläp geçsek, Oleg Kononenko kosmosda 1000 gün bolan ilkinji adam boldy. Ekspedisiýasynyň ahyrynda bolsa onuň umumy uçuşy 1 110 güne deň bolar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.