Döwletjan Ýagşymyradow Simon Biýongy ýeňip, PFL-iň pleý-off tapgyryna çykdy

22.06.2024, 04:2833,942
1 / 2

Şu gün ir säher bilen Solt-Leýk-Sitide (ABŞ) geçen MMA söweş sungatlarynyň garyşyk görnüşi boýunça «PFL 5» ýaryşynyň çäginde türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow kamerunly Simon Biýongdan üstün çykdy.

Ýarym agyr agram derejedinde geçen duşuşyk 3 raundlap dowam etdi we eminleriň biragyzdan gelen netijesi esasynda Döwletjan Ýagşymyradowyň ýeňşi bilen tamamlandy (30–27, 30–27, 30–27).
Bu ýeňşi netijesinde türkmen pälwany PFL-de ýarym agyr agram derejesinde Gran-pri-niň plef-off tapgyryna gatnaşmagyny üpjün etdi.

Döwletjan Ýagşymyradowyň karýerasynda 23 ýeňiş, 7 ýeňliş we bir deňme-deňlik bar.
Biýong 14 söweşde bäşinji gezek ýeňildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.