Türkmen sürüjileri "Ýüpek ýoly" rallisiniň sekizinji tapgyrynda ýeňiş gazandylar

13.07.2024, 20:1617,855

12-nji iýulda "Ýüpek ýoly - 2024" ralli-marafonynyň sekizinji tapgyrynda T2 tapgyrlaýyn wnedorožnikleriň ýaryşynda Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasyna wekilçilik edýän Maksatmyrat Daňatarowyň dolandyrmagynda türkmen ekipažy ýeňiş gazandy diýip, ýaryşyň Metbugat gullugy habar berýär. 

Daňatarow birinji bolup pellehanadan geçdi. Ol Türkmenistanyň ýene bir wekili Merdan Toýlyýewden 13 minut öňde geldi. Ýaryşda üçünji orny  russiýaly Andreý Suşensowyň ekipažy eýeledi. Olar Daňatarowdan 19 minut giç geldiler.
15-nji iýulda Mongoliýanyň paýtagty Ulan-Batorda "Ýüpek ýoly" rallisiniň jemleri jemlener.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.