Xiaomi kompaniýasy Mix Fold 4 we Mix Flip eplenýän smartfonlaryny hödürledi

20.07.2024, 22:324,098
1 / 7

19-njy iýulda Xiaomi kompaniýasy täze gurluşlarynyň tanyşdyrylyşyny geçirdi. Esasy täzelikleriň arasynda iki sany eplenýän smartfon bar: Mix Flip we Mix Fold 4.

Xiaomi Mix Flip kompaniýanyň ilkinji açylyp-ýapylýan smartfonydyr. Ol diagonaly 4,01 dýuým bolan uly daşky ekran, iki kamera we 4780 mA/sag akkumulýator bilen tapawutlanýar. Şeýle-de, gurluş 6,86 dýuým diagonally we 120 Gs kadr ýygylykly AMOLED displeýine hem-de Snapdragon 8 Gen 3 prosessoryna eýedir. Mix Flip gara, ak, benewşe reňklerde we ýörite Nylon fiber görnüşinde elýeterlidir.

Mix Flip-iň tehniki aýratynlyklary:

  • Daşky ekran: 4,01 dýuým, All Around Liquid External Display
  • Esasy ekran: AMOLED, 6,86 dýuým, 2912 x 1224 piksel, 120 Gs
  • Prosessor: Snapdragon 8 Gen 3
  • Operatiw ýat: 12/16 GB
  • Ýat: 256 GB/512 GB/1 TB
  • Akkumulýator: 4780 mA/sag, 67 Wt
  • Kameralar: 50 Mp + 50 Mp
  • Ölçeg: 167,5 х 74 х 7,6 mm
  • Agram: 190 g
  • Hytaýda baha: 820 dollardan başlaýar

Xiaomi Mix Fold 4 Snapdagon 8 Gen 3 çipsetli we Leica kameraly inçe we ýeňil eplenýän smartfondyr. Onuň agramy bary-ýogy 226 gram bolup, dört sany Leica yzky kamerasy bilen 7,98 dýuým esasy displeýe eýe. Şeýle-de, gurluş IPX8 boýunça suwdan goragly.
Mix Fold 4-üň tehniki aýratynlyklary:

  • ·Daşky ekran: 6,56 dýuým, LTPO OLED, FHD+, 1–120 Gs
  • ·Esasy ekran: 7,98 dýuým, UTG, FHD+, 1–120 Gs
  • ·Prosessor: Snapdragon 8 Gen 3
  • ·Operatiw ýat: 16 GB çenli
  • ·Ýat: 1 TB çenli
  • ·Akkumulýator: 5100 mA/sag, 67 Wt simli, 50 Wt simsiz
  • ·Kameralar: 50 Mp (esasy), 50 Mp (portret), 10 Mp (periskopik), 12 Mp (ultra-giňburçly)
  • ·Frontal kamera: 20 Mp (ekranasty)
  • ·Hytaýda baha: $1 237 (12 / 256 GB), $1 375 (16 / 512 GB), $1 513 (16 GB / 1 TB)
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.