Türkmen boksçysy Pulse UP Boxing ýaryşynda garşydaşyny birinji raundda nokauta gidirdi

23.07.2024, 12:1316,199

20-nji iýulda Moskwada geçirilen Pulse UP Boxing ýaryşynyň çäklerinde türkmen boksçysy Hursand Imankulyýew russiýaly Wardan Martoýany birinji raundda nokaut arkaly ýeňdi diýip, Turkmenportal habar berýär.

Ýaryşyň emini türkmen boksçysynyň tehniki nokaut arkaly ýeňşini hasaba aldy.
Boks agşamynyň esasy tutluşygynda Wladimir Mineýew eminleriň biragyzdan karary bilen Magomed Ismailowy ýeňdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.