Türkmenistandan Hyrat şäherine elektrik ulgamyny çekmek işleri tamamlanyp barýar

23.07.2024, 09:226,039

Türkmenistandan Owganystanyň Hyrat şäherine çenli 110 kW-lik täze elektrik geçiriş ulgamyndaky işleriň 80 göteriminden gowragy tamamlanandy. Gutarnykly tamamlanandan soň, bu taslama «Noorul Jihad» stansiýa şahamçasyna birikdiriler. Bu barada alemarahenglish.af portaly «Herat Electricity Company» elektrik kompaniýasynyň hünärmenlerine salgylanyp habar berýär.

Habar berlişi ýaly, bu täzeleniş sebitiň energiýa infrastrukturasyny kämilleşdirmekde möhüm ädimdir. Geçirijini giňeltmegiň tamamlanmagy ygtybarly we netijeli elektrik üpjünçiligini şertlendirmek bilen, Hyradyň halkynyň isleglerini kanagatlandyrar.
Şeýlelikde, Hyrat Owganystanyň esasy söwda we senagat merkezlerinden biri hökmünde ýerli senagaty diwersifikasiýa etjek we maýadarlaryň ünsüni özüne çekjek elektrik toguna has elýeterli bolar.
Aşgabat we Kabul türkmen elektrik üpjünçiligini 110 kW-den 220 kW çenli — iki esse artdyrmagy meýilleşdirýärler. Owganystan köpden bäri Türkmenistandan energiýa serişdelerini import edýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.