Xiaomi-niň şu smartfonlary indiden beýläk programma üpjünçiligini almaz (sanaw)

30.07.2024, 11:312,660

Xiaomi kompaniýasy EOL-smartfonlarynyň (End-of-Life) – indi Android-iň we MIUI/Hyper OS programma üpjünçiliginiň täze wersiýalaryny, şeýle-de täze howpsuzlyk patçilerini almajak gurluşlaryň täze sanawyny hödürledi.

Sanawa Xiaomi gurluşlaryndan başga-da, POCO we Redmi subbrendleriniň smartfonlary hem girdi.

  • Xiaomi Mi 10S
  • Xiaomi Mi 10 Pro
  • Xiaomi Mi 10
  • Xiaomi Mi 10 Ultra
  • Xiaomi Mi 11 Lite 5G
  • Redmi Note 10 Pro
  • Redmi Note 10
  • Redmi Note 10 5G
  • Redmi Note 10T
  • Redmi Note 8 (2021)

Xiaomi 10 hatary 2020-nji ýylyň başynda dünýä bazaryna çykdy, Xiaomi Mi 11 Ultra subflagmany we 10-njy seriýa Redmi Note smartfonlary 2021-nji ýylda öndürildi, indi bolsa olaryň üçýyllyk goldawy gutarýar. POCO smartfonlary barada aýdylanda, “gara sanawa” diňe bir model – POCO M3 Pro 5G girdi.
EOL gurluşlarynyň doly sanawy bilen Xiaomi-niň resmi saýtynda tanşyp bilersiňiz.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.