Aşgabatda innowasion "Ertekiler dünýäsiniň" taslamasyny taýýarlamak boýunça bäsleşik yglan edildi

31.07.2024, 14:403,963

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Aşgabatda "Ertekiler dünýäsiniň" deslapky nusgasyny taslamalaşdyrmak boýunça bäsleşik yglan etdi. Taslama laýyklykda, bu ýerde täze innowasion tehnologiýalary ulanmak göz öňünde tutulýar diýip, "Neýtralnyý Türkmenistan" gazetinde aýdylýar.

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary, teklipleri Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.
Haýyşnamalar 2024-nji ýylyň 10-njy sentýabryna çenli Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýynda kabul edilýär.
Goşmaça maglumat üçin:
44-45-55,
44-46-64.

 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.