Xiaomi arzan Poco M6 Plus smartfonyny hödürledi

03.08.2024, 12:122,990

Xiaomi kompaniýasy bütin dünýäde elýeterli boljak täze Poco M6 Plus smartfonyny çykardy. Gurluş Poco M6-nyň has elýeterli görnüşi hökmünde görkezilip, birnäçe kämilleşmeleri hödürleýär diýip, GSMArena ýazýar.

Aýratynlyklary:

  • ·Prosessor: Qualcomm Snapdragon 4 Gen 2 AE
  • ·Displeý: 6.79 dýuým, suwuk kristally, Full HD+, 120 Gs
  • ·Kamera: esasy 108 Mp (Samsung ISOCELL HM6), makro 2 Mp, frontal 13 Mp
  • ·Akkumulýator: 5030 mA/sag, zarýad beriş 33 Wt
  • ·Ýat: 6/128 Gb ýa-da 8/128 GB
  • ·Programma üpjünçiligi: Android 14-üň esasynda HyperOS
  • ·Goşmaça funksiýalar: nauşnik üçin port, infragyzyl port, SIM-kart we microSD üçin gibrid slot.

Poco M6 Plus-yň satuwy 2024-nji ýylyň 5-nji awgustynda başlaýar.
6/128 GB görnüşi üçin baha $161, 8/128 GB üçin $173 bolar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.