Huawei MatePad Pro 12.2 we MatePad Air planşetlerini hödürledi

08.08.2024, 19:441,611
1 / 4

Huawei kompaniýasy resmi taýdan iki sany täze planşetini - flagman MatePad Pro 12.2-ni (2024) we has amatly MatePad Air-i (2024) hödürledi diýip, 3DNews ýazýar.

Enjamlaryň esasy aýratynlyklary:
MatePad Pro 12.2 (2024)

  • Iki gatly OLED ekrany (Apple-iň iPad Pro-syndaky ýaly)
  • Iň ýokary ýagtylygy: 2000 kd / m2
  • Durulygy: 2800 × 1840 piksel
  • Täzelenme tizligi: 144Gs
  • Galyňlygy: 5,5 mm / Agramy: 508 gr
  • Ýady: 16 GB çenli RAM we 1 TB çenli hemişelik
  • Esasy kamerasy: 13 MP / Giň burçly kamerasy: 8 MP / Öň kamerasy: 16 MP
  • Batareýasy: 10 100 mA·s / Zarýad berijisi: 100 W.
  • Elýeterli reňkleri: altynsow, ak, gara

Bahasy:

  • 12/256 GB wersiýasy - 600 $ 
  • 12/512 GB wersiýasy - 670 $
  • 16/1024 GB wersiýasy - $ 939 

MatePad Air (2024)

  • IPS ekran
  • Iň ýokary ýagtylygy: 1000 kd / m2
  • Durulygy: 2800 × 1840 piksel
  • Galyňlygy: 5,9 mm
  • Agramy: 555 gr
  • Ýady: 8/12 GB RAM we 256/512 GB hemişelik
  • Esasy kamerasy: 13 MP / Giň burçly kamerasy: 8 MP / Öň kamerasy: 8 MP
  • Batareýasy: 10 100 mA·s / Zarýad berijisi: 66 W.
  • Elýeterli reňkleri: ýaşyl, gülgüne, ak, çal

Bahasy:

  • 8/256 GB wersiýasy - 420 $
  • 12/512 GB wersiýasy - 560 $

Iki model hem Huawei M-Pencil elektron ruçkasy bilen duýgur girişi goldaýar we HarmonyOS 4.2 operasiýa ulgamy bilen işleýär. Hytaýda 2024-nji ýylyň 13-nji awgustynda satyp başlamak meýilleşdirilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.