Dünýäniň iň uzyn rallisine gatnaşyjylar türkmen paýtagtyna geldi

14.08.2024, 13:3823,357
1 / 2

4-nji awgustda Stambulda Sultanahmet meýdançasynda badalga alana "İpek Yolu Rally" halkara ralli ýaryşyna gatnaşyjylar Aşgabada geldiler. 

Ralli ýaryşy Ýewropa Bileleşiginiň we Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň goldawy bilen "Gündogar - Günbatar Dostluk we Parahatçylyk" ralli assosiasiýasy tarapyndan geçirilýär.
Turkmenportal internet neşiriniň habar bermegine görä, Aşgabatda rallä gatnaşyjylar Türkiýäniň ilçihanasynyň resmi rezidensiýasynda kabul edildi.
"İpek Yolu Rally" halkara ralli ýaryşy d
ünýäniň iň uzyn rallisi hasaplanýar. Bu gezekki ýaryş Türkiýäniň, Italiýanyň, Germaniýanyň, Awstriýanyň we Moldowanyň sürüjilerini birleşdirdi. Ýol sekiz ýurtdan geçýär, onuň indiki duralgasy - Azerbaýjan, soňra Özbegistan, Gyrgyzystan, Gazagystan we Hytaý.
Asosiasiýanyň prezidenti Nadir Serin ýaryşa ýedi ýurtdan 30 awtoulag sürüjisiniň gatnaşýandygyny habar berdi. Ralli 28-nji awgustda Mongoliýanyň paýtagty Ulan-Batorda tamamlanar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.