Windows-da Android enjamlaryna faýl ibermek funksiýasy peýda bolar

19.08.2024, 10:351,581

Windows operasion ulgamy ulanyjylara faýllary kompýuterlerden Android enjamlaryna geçirmäge mümkinçilik berýän, Apple-iň AirDrop-yna meňzeş täze funksiýa eýe bolar. Bu işläp taýýarlama barada Microsoft-yň tehniki goldaw web sahypasynda habar berildi.

Täze funksiýa OS-yň synag üçin düzülen toplumynyň birinde eýýäm bar we ol ýakyn wagtda ähli ulanyjylar üçin elýeterli bolar. Funksiýa Windows kompýuterleriniň we Android ykjam enjamlarynyň arasynda faýl ibermegi goldaýar. Häzirki wagtda Windows-da diňe kompýuterleriň we smartfonlaryň arasynda paýlaşmagyň umumy buferi bar.
Bu funksiýa täzelenme wersiýasy 2019-njy ýylyň maýyndan köne bolmadyk Windows 10-da we 11-de goldanylar. Android üçin OS 9.0 ýa-da ondan ýokary wersiýasy talap edilýär. Şeýle hem ulanyjylar öz smartfonlarynda Link to Windows we Phone Link programmalaryny gurnamaly.

Maglumat ibermegiň yzygiderliligine degişli gözükdirme:

Windows-dan Android-e:

  • Syçanyň sag düwmesi bilen faýlyň üstüne basyň;
  • "Ibermek" buýrugyny saýlaň;
  • Açylan penjirede Phone Link-e birikdirilen enjama baglanyşyk peýda bolar. Smartfonyňyza ýa-da planşetiňize maglumat iberip başlaň.

Android-den Windows-e:

  • Enjamyňyzda faýl saýlaň;
  • "Paýlaşmak"-a basyň;
  • “Windows-den kompýutere iber” buýrugyny saýlaň;
  • Ýükläp alýança garaşyň.

Geçiş prosesine habarnamalar arkaly gözegçilik edip bolar. Faýllar “Ýüklemeler” bölümindäki Phone Link bukjasynda saklanýar, ýöne ýerleşýän ýerini programma sazlamalarynda üýtgedip bolýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.