Türkmenistan jiu-jitsu boýunça Merkezi Aziýanyň çempionatynda 17 medal gazandy

19.08.2024, 14:338,066

18-nji awgustda Gazagystanyň Şymkent şäherinde jiu-jitsu boýunça Merkezi Aziýanyň çempionaty (JJAU Regional Championship Central Asia 2024) tamamlandy. Türkmen türgenleri bu ýaryşda 2 altyn, 8 kümüş we 7 bürünç medal gazandylar diýip, Jiu-jitsu boýunça halkara federasiýasy habar berýär.

Türkmenistanly türgen Jelilmuhammet Hojamyradow 77 kilograma çenli agram derejesinde final tutluşygynda gazagystanly Žarmahan Bakirowy ýeňip, çempion bolmagy başardy.
Aýallaryň arasynda 48 kg-a çenli agram derejesinde ýene bir türkmen türgeni Hurma Abdyýewa Gazagystandan Žunis Tuýmegüli ýeňip, altyn medal aldy.
Ýaryşa 6 ýurtdan  - Gyrgyzystandan, Gazagystandan, Täjigistandan, Özbegistandan, Italiýadan we Türkmenistandan jemi 570 türgen gatnaşdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.