Xiaomi 14 seriýasynyň satuwy 6 milliona ýetdi. Pro modeli öňküsinden üç esse meşhur

23.08.2024, 14:556,259

Xiaomi kompaniýasy Xiaomi 14 Pro modeliniň satuwynyň Xiaomi 13 Pro-dan üç esse ýokarydygyny we seriada iň meşhury bolandygyny habar berdi diýip, IXBT ýazýar.

Xiaomi-niň we Redmi-niň ýolbaşçylarynyň sözlerine görä, Xiaomi 14 seriýasynyň tutuş satuwy, öňki setir bilen deňeşdirilende, 80% ýokarlandy, bu bolsa oňa Hytaýyň premium smartfon bazarynda uly üstünlik gazanmaga mümkinçilik berdi.
Häzirki wagtda Xiaomi 14 seriýasynyň tutuş satuwy 6 million birlikden geçdi. Jemleýji satuwlaryň 7-8 million smartfon bolmagyna garaşylýar.
Xiaomi 14 Pro modeli Apple we Huawei bilen bäsleşip, Hytaý bazaryndaky flagman enjamlarynyň arasynda üçünji ýeri eýeledi.
Şeýle hem, kompaniýa indiki modeliň - Xiaomi 15 Pro-nyň käbir häsiýetnamalaryny aýan etdi. Täze önüm periskopik teleobýektiw, ultrases barmak yzy datçigi, 6000 mAh akkumulýator we 80 Wt simsiz zarýad beriji bilen üpjün ediler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.