Türkmen pälwany A.Babaýew AMC Fight Nights ýaryşynda yzygider ikinji ýeňşini gazandy

25.08.2024, 10:2225,366

Türkmen söweşijisi Abdulla Babaýew Ýerewanda AMC Fight Nights 124 ýaryşynda eýranly Mahdi Frahaniden üstün çykdy. Tutluşyk birinji raundda Babaýewiň demikdiriji emel ulanmagy bilen tamamlandy.

Abdulla üçin bu ýeňiş Fight Nights ýaryşlarynda eýýäm yzygider ikinji ýeňşi. 2024-nji ýylyň fewralynda ol AMC Fight Nights 123 ýaryşynda Täjigistandan Abdulaziz Ýuldoşewden üstün çykdy.
Abdulla Babaýew - söweş sambosy boýunça halkara derejeli sport ussady, üç gezek Dünýä Kubogynyň eýesi, pankration boýunça Aziýanyň we dünýäniň çempiony. Ol Gala Sport Management sport guramasynyň howandarlygynda çykyş edýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.