Nike Kobi Braýantyň hormatyna krossowka çykarýar

30.08.2024, 06:273,455
1 / 5

Nike amerikan kompaniýasy meşhur basketbolçy Kobi Braýanta bagyşlanan täze Kobe 8 Protro Lakers Home krossowkalaryny hödürledi. Krossowkalar 2024-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda 180 dollar bahasy bilen satuwa çykarylar diýip, "Çempionat" portaly habar berýär.

Täze model Kobe 8-iň asyl görnüşinden "Los Angeles Lakers" reňkleri bilen tapawutlanýar.
Nike “Lakers Home” krossowkalarynyň Kobiniň basketbol meýdançasyndaky däbine goýulýan hormaty aňladýandygyny belledi.
Krossowkalar Nike dükanlarynda we kompaniýanyň hyzmatdaşlarynda elýeterli bolar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.