Huawei 10-njy sentýabrda dünýäde ilkinji üç eplenýän smartfony hödürlär

03.09.2024, 13:426,867
1 / 2

Huawei kompaniýasy dünýäde ilkinji üç panelden ybarat eplenýän smartfonyň tanyşdyrylyş senesini yglan etdi.

Resmi çakylyga görä, çäre 10-njy sentýabrda Hytaýda geçiriler. Ýeri gelende bellesek, bu wakadan bir gün öň Apple kompaniýasy iPhone 16 hataryny we beýleki täzeliklerini hödürlär.
Maglumatlara görä, Huawei-niň eplenýän smartfony Kirin 9000S flagman prosessorynyň dolandyrmagynda işlär. Gurluş azyndan üç modully kamera we inçe korpusa eýe bolar. Smartfon bazara firma operasion ulgamy bilen iberiler. Gynansak-da, gajet barada başga maglumat heniz ýok.
Belläp geçsek, Tecno kompaniýasy hem ýakynda şuňa meňzeş Phantom Ultimate 2 gurluşyny görkezdi. Ýöne ol Huawei-niň tapgyrlaýyn boljak smartfonyndan tapawutlylykda, diňe konsept önümdir.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.