Redmi 13C öňdebaryjy: tomsuň iň köp satylan arzan smartfonlarynyň onlugy

06.09.2024, 13:1412,839
1 / 2

Smartfon bazary, aýratynam, arzan gurluşlaryň segmentinde durnukly ösüşi görkezýär. Counterpoint Research kompaniýasynyň analitikleri 2024-nji ýylyň ikinji çärýeginde iň köp satylan 150 dollardan arzan bahaly smartfonlaryň sanawyny hödürlediler.

Hünärmenler arzan modelleriň global satuwyň 37%-ini emele getirýändigini belleýärler. Bu flagman funksiýalaryň elýeterli gurluşlara işjeň girizilmegi bilen baglanyşyklydyr.
Umuman, ikinji çärýekde 100 milliondan gowrak smartfon satyldy, bu bir ýyl ozalkydan 10% köpdür. Iň meşhur arzan modelleriň satuwy 2023-nji ýylyň birinji ýarymy bilen deňeşdirilende 21% ýokarlandy.
Arzan Android gurluşlarynyň arasynda öňdebaryjy 4,1% bazar paýy bilen Redmi 13C 4G boldy. Onuň yzyndan Samsung Galaxy A05 (4%) we Galaxy A15 4G (3,3%) ýerleşdi. Ilkinji bäşlige Redmi 13C 5G (2,4%) we Redmi A3 (2,4%) hem girdi.
Şeýle-de, iň köp satylan arzan smartfonlaryň sanawynda şu aşakdakylar bar:

  • ·Samsung Galaxy A05s (2,3%)
  • ·Tecno Spark Go 2024 4G (1,7%)
  • ·Oppo A18 (1,5%)
  • ·Oppo A58 4G (1,4%)
  • ·Oppo A38 (1,4%)
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.