OPEK+ artyk önümçilik zerarly iki aýlap nebitiň çykarylyşyny artdyrmagyny goýbolsun eder

10.09.2024, 06:213,815

OPEK+ bileleşigine girýän sekiz ýurt nebit önümçiligini iki aýlap togtatmak kararyna geldi. Mundan öň, önümçiligi 2024-nji ýylyň oktýabr aýyndan başlap, günde 170 müň barrele çenli artdyrmak meýilleşdirilýärdi, emma şu ýylyň ilkinji ýedi aýynda artykmaçlyk önümçilik zerarly bu pikirden ýüz öwrüldi diýip, RBK guramanyň beýanyna salgylanyp habar berýär.

Beýana görä, Yraga hem-de Gazagystana 2024-nji ýylyň ýanwar aýyndan bäri dowam edýän artykmaç önümçiligiň öwezini dolmak teklip edildi. Ýurtlaryň ikisi hem ylalaşyga ygrarlylygyny mälim etdiler.
2023-nji ýylyň aprel we noýabr aýynda gazanylan ylalaşyga laýyklykda, Saud Arabystany, Russiýa, Yrak, BAE, Kuweýt, Gazagystan, Alžir we Oman hem 2024-nji ýylyň birinji ýarymynda önümçilik derejesini günde 2,2 mln barrele çenli aşaklatmaga ylalaşdylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.