Huawei Mate XT-e 6,26 million adam garaşýar: deslapky sargytlar bar bolan smartfonlardan alty esse köp

19.09.2024, 09:184,540

Üç eplenýän Huawei Mate XT smartfonynyň töweregindäki gyzgalaň eýýäm dillerde dessan boldy. 7-nji sentýabrda deslapky sargytlar açylany bäri, Huawei-iň resmi web sahypasynda eýýäm 6,26 milliondan gowrak enjamy deslapky sargyt edip goýdy diýip, IXBT habar berýär.

Huawei-iň täze önüminiň resmi satuwy hut täze iPhone-nyň çykyp başlajak güni, 20-nji sentýabrda başlar.
Onuň 2800 dollar bahasy iň gymmat iPhone 16 Pro Max-yň bahasyndan ep-esli ýokarydygyna garamazdan, Huawei-iň täze önümine bolan gyzyklanma diýseň ýokary bolmagynda galýar. Şeýle-de bolsa, kompaniýanyň ammarynda häzirlikçe bary-ýogy 1 million töweregi enjamy bar, şonuň üçin galan müşderiler garaşmaly bolarlar. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.