Türkmenistanda demir garyndylaryny öndürýän zawody gurmak meýilleşdirilýär

20.09.2024, 23:369,396

Türkmenistanda we daşary ýurtlarda demir garyndylaryna bolan islegleriň artýandygy bilen baglylykda, häzirki wagtda bu önümi öndürýän zawody gurmak mümkinçiligi öwrenilýär. Bu barada wise-premýer B.Annamämmedow anna güni Hökümet mejlisinde habar berdi diýlip, “Watan” habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Wise-premýer iri gurluşyklary, ykdysadyýetiň pudaklaryny, şeýle hem ilatymyzy ýokary hilli gurluşyk materiallary bilen ýeterlik derejede üpjün etmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna demir garyndylaryny öndürýän zawodyň gurluşyk taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça degişli teklip hödürlenildi.
Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda demir garyndylaryny öndürýän zawodyň gurluşyk taslamasy üçin Tehniki ykdysady esaslandyrmany işläp taýýarlamak baradaky teklibi  goldady we wise-premýere  bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.