Täze Redmi Note 14 Pro we Pro+ täze dizaýna, güýçli kameralara we ýokary berklige eýe boldy

29.09.2024, 15:4010,498
1 / 4

Xiaomi kompaniýasy täze Redmi Note 14 Pro we Pro+ smartfonlaryny tanyşdyrdy. Täze önümler, öňküleri bilen deňeşdirilende, täzelenen dizaýn, kämilleşdirilen kameralar we ýokarlandyrylan berklik ýaly birnäçe möhüm täzelenmeleri aldy.

TÜV SÜD guramasy bu modellere 1,8 m beýiklikden mermer pola gaçyrylyp  geçirilen synagda 5 ýyldyzly baha berdi diýip, 3DNews habar berýär.
Esasy aýratynlyklary:

Dizaýny: inçe korpus, arka paneliň ortasyndaky inedördül kamera blogy, tozandan we çygdan IP68 gorag, Gorilla Glass Victus 2 çüýşesi.
Ekrany: 6,67 dýuýmlyk egri AMOLED, 1.5K (2712 × 1220 piksel), 120 Gs, 3000 kd / m2, HDR10 +, Dolby Vision, barmak yzy skaneri.
Kameralary:

  • Redmi Note 14 Pro +: 50 MP esasy, 50 MP teleobýektiw (2,5x zum), 8 MP giň burçly.
  • Redmi Note 14 Pro: 50 MP esasy, 8 MP giň burçly, 2 MP makro.

Öndürijiligi:

  • Redmi Note 14 Pro +: Snapdragon 7s Gen 3, 16 Gb çenli RAM.
  • Redmi Note 14 Pro: Dimensity 7300 Ultra, 12 Gb çenli RAM.

Ikisinde-de 512 Gb içerki ýat bar.
Batareýasy:

  • Redmi Note 14 Pro +: 6200 mAh, 90 Wt zarýad berilýär.
  • Redmi Note 14 Pro: 5500 mAh, 45 Wt zarýad berilýär.

Programma üpjünçiligi: HyperOS-ly Android 14.
Reňkleri: Iki görnüşi hem gara we ak + gök (Pro), benewşe (Pro), ýaşyl (Pro +) reňklerde elýeter.
Bahasy: Redmi Note 14 Pro-nyňky 1399 ýuandan (199 dollar), Redmi Note 14 Pro+ -nyňky 1899 ýuandan (270 dollar) başlaýar.
Redmi Note 14 Pro we Pro + smartfonlary häzirki wagtda diňe Hytaý bazary üçin hödürlenýär. Dünýä goýberiljek wagty baradaky maglumatlar biraz giç yglan ediler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.