Türkmenistan Gruziýada Bütindünýä syýahatçylyk gününe bagyşlanan Maslahata gatnaşdy

01.10.2024, 14:572,889
1 / 2

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň syýahatçylyk pudagy boýunça bölüm müdiriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 27-nji sentýabrda Tbiliside geçirilen Bütindünýä syýahatçylyk güni mynasybetli her ýylky Halkara maslahatyna gatnaşdy. Bu barada Orient agentligi Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasyna salgylanyp habar berýär.

Gruziýada BMG-niň bu maslahaty ilkinji gezek geçirildi.
Çärä 40-dan gowrak ýurtlardan ýokary derejeli myhmanlar, syýahatçylyk ministrleri, halkara guramalarynyň wekilleri hem-de syýahatçylyk pudagynyň ýokary derejeli hünärmenleri gatnaşdy.
Gruziýanyň premýer-ministri Irakli Kobahidze hem-de BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň Baş sekretary Zurab Pololikaşwi ýygnananlaryň öňünde çykyş etdiler.
Bu ýylky maslahatyň esasy mowzugy - "Syýahatçylyk we parahatçylyk" boldy. Çäräniň çäginde bölümçe çekişmeleri, syýahatçylygy ösdürmegiň dünýä ýörelgeleri we senagat ösüşiniň nukdaýnazaryndan parahatçylygyň ähmiýeti baradaky maslahatlaşmalar geçirildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.