Türkmenistanyň Prezidenti we Halk Maslahatynyň Başlygy Emomali Rahmony ýubileýi bilen gutladylar

05.10.2024, 05:5912,282

Prezident Serdar Berdimuhamedow we Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmona doglan güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdiler.

“Täjigistan Respublikasynyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda gazanylan uly üstünlikler, ýurduň ykdysady ösüşinde ýetilen belent sepgitler, şeýle hem dünýäde at-abraýynyň yzygiderli berkemegi Siziň adyňyz bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr” diýip, döwlet Baştutany hatynda nygtady.

Serdar Berdimuhamedow Täjigistanyň Prezidentiniň ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga we ösdürmäge uly şahsy goşant goşýandygyny hem-de aýratyn üns berýändigini belläp, türkmen-täjik doganlyk gatnaşyklarynyň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde halklarymyzyň bähbidine geljekde-de çuňlaşdyryljakdygyna berk ynam bildirdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow gutlag hatynda Täjigistan Respublikasynyň uly üstünlikleri gazanandygyny, halkara giňişlikde öz at-abraýyny yzygiderli berkidýändigini belledi.

“Ýakynda Duşenbe şäherinde geçiren duşuşyklarymyz biziň doganlyk halklarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we iki ýurduň dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga güýçli itergi berdi. Biz mundan beýläk-de Täjigistan bilen hyzmatdaşlyga ygrarly bolup galýarys hem-de özara gatnaşyklarymyzy giňeltmek boýunça teklipleridir başlangyçlary goldaýarys” diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.