Kriştianu Ronaldu hususy sagat kolleksiýasyny çykardy

15.10.2024, 08:5117,863

“Al-Nasryň” we Portugaliýanyň milli futbol ýygyndysynyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu hususy sagat hataryny çykarandygyny habar berdi.

“Men hemişe öz sagat kolleksiýamyň bolmagyny arzuw edipdim. Jacob&Co, modeller Flight of CR7 we Heart of CR7 meniň meýdançadaky iň şanly pursatlarymdan ylham alýar. Olar siziň göwnüňizden turar diýip umyt edýärin” – diýip, Ronaldu X sosial ulgamynda ýazdy.

Flight of CR7 modelinde Ronaldunyň 2013-nji ýylda Madridiň “Realynyň” düzüminde öňki topary “Mançester Ýunaýtediň” derwezesine kelle bilen salan goly şekillendirilen. Iki modeliň-de üç çäkli görnüşi çykaryldy: brilliantsyz, “baget” brilliantly we tegelek brilliantly.
Ronaldu 39 ýaşynda. Ol “Al-Nasryň” düzüminde 2023-nji ýylyň ýanwar aýyndan bäri çykyş edýär. Onuň klub bilen şertnamasy 2025-nji ýylyň tomsuna çenli hereket edýär. Kriştianu “Altyn topuň” bäş gezek eýesi we resmi oýunlarda dünýä futbolynyň taryhynda iň gowy bombardirdir.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.