Lando Norris Ralph Lauren-iň täze atyrynyň ýüzi boldy

16.10.2024, 13:263,219
1 / 3

“Aston Martin” topary üçin çykyş edýän Formula 1-iň iňlis sürüjisi Lando Norris Ralph Lauren Fragrances brendiniň täze ilçisi boldy. Bu barada amerikan atyr öndürijisiniň metbugat gullugy habar berdi.

Norris Polo Red atyrynyň mahabat kampaniýasynyň ýüzi boldy. Rolling Stone-a beren interwýusynda Norris: “Meniň pikirimçe, üstüňden ýakymly ysyň gelip durmagy hemişe wajypdyr. Täze adamlar bilen duşuşyklarda bu iň möhüm zatlaryň biridir. Syýahat edeniňizde, telefonyňyz, gulaklyk we pasportyňyz bilen bilelikde hoşboý ysly atyr hem bolmalydyr” – diýdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.