Turkish Airlines Aşgabat – Stambul uçuşlarynyň awiabiletlerine arzanlaşyk yglan etdi

21.10.2024, 04:0919,578

Turkish Airlines Aşgabat-Stambul ugry boýunça awiagatnawlaryna arzanlaşyklary yglan etdi. 2024-nji ýylyň noýabryndan 2025-nji ýylyň apreli aralygynda türk awiakompaniýasy iki tarapa hepdede 11 gatnawy amala aşyrar diýip, Orient habar berýär.

Arzanlaşyklar ekonom-klasa bolşy ýaly, biznes-klasa hem degişlidir.
Arzanladylan nyrhnamalar:

  • Ekonom-klas:
    • Aşgabat – Stambul – Aşgabat: 500 dollar.
    • Stambul – Aşgabat – Stambul: 720 dollar.
    • Aşgabat-Stambul bir tarapynyň bahasy 302 dollar, Stambul – Aşgabat: 388 dollar.
  • Biznes-klas:
    • Gidiş-gaýdyş biletiň bahasy 1250 dollar.

Awiabiletleri Turkish Airlines-iň "Ussat" işewürlik merkezinde ýerleşen edara binasyndan satyn alyp bolýar.
Salgysy: Aşgabat ş., G.Kuliýew köçesi (Obýezdnoý, 2127), 39-1.

Goşmaça maglumat we bron meseleleri boýunça şu telefonlara jaň edip bolar:
+99361 014433;
+99312 751157.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.