Xiaomi birnäçe meşhur smartfonlary we planşetleri goldamagyny bes eder

30.10.2024, 11:284,726

Xiaomi kompaniýasy 2021-2022-nji ýyllarda çykarylan bäş sany smartfonyň we bir planşetiň goldawyny bes edip, EOL (End of Life) belgili enjamlaryň sanawyny täzeledi.

Sanawda Redmi-niň we POCO-nyň meşhur modelleri bar:

  • Redmi Note 11 Pro
  • Redmi Note 11 Pro +
  • Redmi 10 2022
  • Redmi Note 10
  • POCO X3 GT
  • Xiaomi Pad 5 (planşet)

Bu enjamlar indi MIUI-niň ýa-da HyperOS-yň täzelenmelerini, şeýle hem Google-yň howpsuzlyk täzelenmelerini almazlar.
Note 10 we Note 11 enjamlary tehniki taýdan ähmiýetli bolsa-da, Xiaomi-niň köp modellere 2 ýyllyk goldaw bermek syýasatynyň çäginde EOL sanawyna geçirildi. Bu karar ulanyjylary has uzak wagtlap goldanjak täze wersiýalara geçmäge höweslendirmek bilen baglanyşyklydyr.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.