Fudzi dagy 1894-nji ýyldan bäri ilkinji gezek oktýabr aýynda gar bilen örtülmedi

31.10.2024, 14:237,291

Ýaponiýanyň iň beýik nokady bolan Fudzi dagyna 130 ýyldan bäri ilkinji gezek oktýabr aýynda gar ýagmady diýip, CNN habar berýär.

Ýaponiýanyň Meteorologiýa agentliginiň habaryna görä, ozal gar aýyň başyndan, ýagny 2-nji oktýabrdan başlap, dagyň üstüni örtýärdi. Geçen ýyl ilkinji gar 5-nji oktýabrda ýagdy, ýöne ol çalt erdi.
Bu ýylky adatdan daşary yssy güýz we ýokary temperatura Fudzide hatda oktýabr aýynyň ahyryna çenli garyň ýokdugyny aňladýar. Haçanda gar 26-njy oktýabrda wagtyndan giç ýagan mahaly, ol 1955-nji we 2016-njy ýyllardaky öňki rekordlary täzeledi.
Ýaponiýada tomus hem adatdan daşary yssy boldy: iýun-awgust aýlaryndaky ortaça temperatura adaty ýagdaýdan 1,76° C yssy boldy.
Şeýle-de bolsa, bu tomus diňe Ýaponiýada däl, eýsem bütin dünýäde rekord boýunça iň yssy ýyl bolup biler. Hünärmenler anomaliýany El-Ninýo howa hadysasy we antropogen täsir bilen baglanyşdyrýarlar.
Fudzi Ýaponiýada ýurduň mukaddes nyşany hökmünde hormatlanýar. Dagyň daş-töwereginde ybadathanalar we mukaddes ýerler bar. Gadymy döwürlerden bäri Ýaponiýanyň Fudzi dagyna çykmak dini ybadat hasaplanýar. 2013-nji ýylda bu dag ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy derejesine eýe boldy. Ol Ýaponiýanyň iň uly adasynda - Honsýuda ýerleşýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.