Serdar Berdimuhamedow dokma senagaty kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak baradaky teklibi goldady

02.11.2024, 04:485,697

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň garamagyndaky kärhanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak baradaky taýýarlanan teklibi goldady diýip, TDH habar berýär.

Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Atdaýew ministrligiň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, ministrligiň garamagyndaky kärhanalarda degişli tehnikalaryň, hususan-da, awtoulaglaryň bökdençsiz işledilmegi üçin netijeli çäreleriň görülýändigi hakynda aýdyldy.
Serdar Berdimuhamedow wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.