Türkmenistanyň we Iordaniýanyň DIM-leri işewür toparlaryň hyzmatdaşlygyny ýola goýmak barada pikir alyşdylar

28.11.2024, 12:151,306

27-nji noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly türkmen-iordan Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeler geçirildi. Bu barada DIM-niň saýtynda habar berilýär.

Geňeşleriň dowamynda iki ýurduň diplomatlary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we ynsanperwer ugurlarda köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köp sanly meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen taraplar iki ýurduň arasynda Ykdysady, ylmy we tehniki hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparyny döretmek, şeýle hem Türkmenistanyň hem-de Iordan Haşimit Patyşalygynyň Söwda-senagat edaralarynyň we işewür toparlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak barada pikir alyşdylar.
Şeýle hem medeniýet, syýahatçylyk, ylym, bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda taraplaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy artdyrmak mümkinçiliklerine hem garaldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.