Döwletjan Ýagşymyradow Kasanganaýy birinji minutda nokaut edip, PFL-iň ilkinji türkmenistanly çempiony boldy

29.11.2024, 21:1063,683
1 / 2

30-njy noýabra geçilýän gije Er-Riýadda (Saud Arabystany) PFL World Championship 2024 garyşyk başa-baş göreş boýunça ýaryşyň çäklerinde Döwletjan Ýagşymyradow amerikaly Impa Kasanganaýdan üstün çykyp, ýarym agyr agram derejesinde Türkmenistanyň taryhynda ilkinji gezek PFL-iň çempiony boldy diýip, Sport + habar berýär.

Döwletjan Ýagşymyradowa Kasanganaýy nokauta gidirmek üçin bary-ýogy 58 sekunt gerek boldy. Şeýlelikde, türkmenistanly pälwan bu ýeňşi mynasybetli 1 million dollar gazandy.
Belläp geçsek, Impa Kasanganaý geçen ýyl bu agram derejesinde guşaga eýe boldy we 1 million dollar alypdy. Indi bolsa, çempionlyk guşagy türkmenistanly pälwan Döwletjan Ýagşymyradowa geçdi.

Döwletjan MMA-da 33 söweşde 25-nji ýeňşini baýram etdi. Kasanganaý 19 tutluşygynda 5-nji gezek ýeňildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.