Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamasy tassyklanyldy

04.01.2025, 13:118,610

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamalaryny makullady.

Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Annamämmedow döwlet Baştutanyna ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumynyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimliginiň iş meýilnamalarynyň taslamalary barada hasabat berdi.
Bu meýilnamalara laýyklykda,

  • ýurdumyzda gurluşygy dowam edýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda alnyp barylýan işleriň hiline gözegçilik etmek;
  • gurluşyklary we milli ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklaryny gurluşyk serişdeleri bilen üpjün etmek;
  • ugurdaş täze döwrebap kärhanalary gurmak, ozal bar bolanlarynyň durkuny täzelemek;
  • elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak, önümçilige döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak;
  • himiýa senagaty pudagynyň eksport mümkinçiligini artdyrmak, önümleriň täze görnüşlerini öndürmek, hereket edýän kärhanalary taslama kuwwatyna çykarmak;
  • awtomobil ýollaryny we köprüleri döwrebaplaşdyrmak hem-de täzelerini gurmak boýunça işleri dowam etdirmek,;
  • Aşgabat şäherinde bolsa medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň, inženerçilik ulgamlarynyň we awtoýollaryň gurluşygy göz öňünde tutulýar.
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.