“Dünýäni has gowy etdiler”: Messi we Denzel Waşington ABŞ-da Azatlyk medalyna mynasyp boldular

05.01.2025, 18:4019,021

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden 19 adamy ýurduň iň ýokary baýraklarynyň biri – Prezidentiň Azatlyk medaly bilen sylaglady. Bu barada Ak öýüň metbugat gullugy habar berdi. Baýragyň gowşurylyş dabarasy 4-nji ýanwarda geçirildi.

“Bu 19 adam – Amerikany we dünýäni has gowy eden beýik liderler” – diýlip, habarda aýdylýar.

Laureatlaryň arasynda futbolçy Lionel Messi, aktýor Denzel Waşington, U2 rok toparynyň frontmeni Bono, basketbolçy Irwin “Mejik” Jonson, modelýer Ralf Loren, milliarder Jorj Soros, ABŞ-nyň öňki döwlet sekretary Hillari Klinton, aktýor Maýkl Jeý Foks, şeýle-de Vogue žurnalynyň amerikan neşirýatynyň baş redaktory Anna Wintur bar.
Messi baýrak gowşurylyş dabarasyna gatnaşyp bilmedi. Bu barada ol öňünden Ak öýi habarly etdi.

Prezidentiň Erkinlik medaly ABŞ-nyň howpsuzlygyny we milli bähbitlerini, bütin dünýäde parahatçylygyň goragyny üpjün etmekde goşulan goşant, şeýle-de medeni we beýleki jemgyýetçilik, döwlet ýa-da hususy başlangyçlara goşulan goşant üçin berilýär.
Baýragy diňe bir ABŞ-nyň raýatlary däl-de, daşary ýurtlular hem alýar. Dürli ýyllarda medalyň eýeleri režissýor Stiwen Spilberg, aktrisa Barbara Streýzand, syýasy işgär we aktiwist Martin Lýuter King, ABŞ-nyň birinji hanymy Nensi Reýgan, telealypbaryjy Opra Uinfri we Germaniýanyň öňki kansleri Angela Merkel boldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.