"Türkmenistan" awiakompaniýasy Moskwa uçuşlarynyň togtadylmagynyň möhletini uzaltdy

05.02.2025, 04:3423,148

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabatdan Moskwa gatnawlaryny togtatmagynyň möhletini 28-nji fewrala çenli uzaltdy. Bu barada awiakompaniýanyň baş wekiliniň metbugat gullugy habar berdi.

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat – Moskwa – Aşgabat ugry boýunça yzygiderli uçar gatnawlarynyň 28-nji fewrala çenli ýatyrylandygyny habar berýär. Biletleriň mejbury yzyna gaýtarylmagyny resmileşdirmek üçin uçar biletiniň satyn alnan ýerine ýüz tutmagyňyzy haýyş edýäris» — diýlip, habarda bellenýär.

Häzirki wagtda Moskwa bilen Aşgabadyň arasynda S7 awiakompaniýasynyň göni uçar gatnawlary dowam edýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.