Türkmenistan Katar bilen syýahatçylyk we migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürýär

06.02.2025, 08:085,264

3-4-nji fewralda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri iş sapary bilen Kataryň paýtagty Dohada boldular. Bu barada gullugyň saýtynda habar berilýär.

Wekiliýet syýahatçylyk we migrasiýa ulgamynda bu ýurt bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin iş saparyny amala aşyrdy. 
Türkmen wekiliýetiniň agzalary Kataryň ugurdaş edaralarynyň wekilleri bilen duşuşyp, hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar.
Türkmenistan Katar bilen hyzmatdaşlygyň giň toplumyny ösdürýär. Şeýlelikde, geçen hepdede Türkmenistanyň ilçisi M.Seýitmämmedow Kataryň Baş prokurory bilen duşuşyp, öň gazanylan ylalaşyklaryň esasynda amala aşyrylýan işleri maslahatlaşdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.