iPhone 16 Pro bilen Samsung Galaxy S25 Ultra iş ýüzünde deňeşdirildi

07.02.2025, 18:4114,173

Samsung Galaxy S25 Ultra we iPhone 16 Pro smartfonlary emeli aňyň kömegi bilen taýýar suratlardan obýektleri aýyrmak mümkinçiligine eýe boldy.

Samsung-da bu funksiýa öňki nesil smartfonlarynda peýda bolupdy, Samsung Galaxy S25 Ultra-nyň çykmagy bilen bu mümkinçilik has-da kämilleşdi. iPhone 16 Pro smartfonyna bu funksiýa geçen ýyl Apple Intelligence-iň çykmagy bilen goşuldy.
X sosial ulgamyndaky Mark’s Tech sahypasynda bu funksiýanyň bellenilen flagman smartfonlarda nähili işleýändigine mysallar görkezildi.
Suratlardan görnüşi ýaly, Samsung-yň smartfony öňde goýlan wezipeden örän gowy baş çykarypdyr. Işlenen suratlarda obýektler aslynda ýok ýaly derejede aýrylypdyr, emma iPhone 16 Pro-nyň iş netijeleri munuň bilen deňeşdirilende diýseň gowşak görünýär. Obýektler doly aýrylman, tersine, bulaşyk ýagdaýda yz galdyrypdyr. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.