Xiaomi 75-lik «Redmi Smart TV A Pro 2025 Energy Saving Edition» telewizorlaryny hödürledi

13.02.2025, 14:333,319

Xiaomi kompaniýasy arzan bahaly täze «Redmi Smart TV A Pro 2025 Energy Saving Edition» telewizorlaryny hödürledi. Bu enjamlar Hytaýda eýýämden öňünden sargyt üçin elýeterli, bölekleýin satuwyna bolsa 14-nji fewralda başlanar diýip, Gizmochina neşiri habar berýär.

Tapgyrda bäş sany model bar:

  • 43 dýuýmlyk — 190 dollar;
  • 50 dýuýmlyk — 225 dollar;
  • 55 dýuýmlyk — 255 dollar;
  • 65 dýuýmlyk — 335 dollar;
  • 75 dýuýmlyk — 450 dollar.

Bu telewizorlaryň hemmesi iň ýokary derejedäki energiýa tygşytlaýyş talaplaryna laýyk gelýär.
Enjamyň esasy platformasy dört ýadroly (1,9 GGz takt ýygylykdaky) Arm Cortex-A55 SoC bilen işleýär. Operatiw ýady (RAM) – 3 GB, içerki ýady – 64 GB. Ekranyň durulygy – 4K, täzeleniş ýygylygy – 120 Gz. DCI-P3 reňk giňişliginiň 94%-ini görkezip bilýär. MEMC tehnologiýasyny goldaýar we «Xiao Ai» atly sesli kömekçi hem-de Wi-Fi 6 adapteri bilen enjamlaşdyrylan.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.