Türkmenistanyň Baş konsuly Hyratda UNFPA-nyň sebit edarasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

13.02.2025, 10:343,165

11-nji fewralda Türkmenistanyň Owganystandaky Baş konsuly Batyr Ýolow BMG-niň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) Owganystanyň Hyrat welaýatyndaky sebitleýin edarasynyň ýolbaşçysy Baýramgül Garabaýewa bilen duşuşdy. Bu barada Orient habar berýär.

Baş konsullykda geçirilen duşuşygyň dowamynda Owganystan bilen UNFPA-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen geljegi uly ugurlar kesgitlenildi.
Şeýle hem taraplar duşuşygyň dowamynda Owganystany hemmetaraplaýyn ösdürmeklige hem-de bu ýurduň ählumumy gatnaşyklar ulgamyna goşulmagyna gönükdirilen Türkmenistanyň we halkara bileleşigiň tagallalaryny aýratyn bellediler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.