Global HyperOS 2.1 täzelenmesini ilkinji bolup aljak smartfonlar mälim edildi

17.02.2025, 07:482,355

Sanawda Xiaomi-niň öňki flagman modelleri hem bar, emma hiç hili Redmi ýok. Bu barada Xiaomi enjamlary üçin täze programma üpjünçilikleriň haçan çykjakdygyny yzarlaýan «XiaomiTime» çeşmesi habar berýär.

Sanawda şular bar:

  • Xiaomi 14 Ultra;
  • Xiaomi 13;
  • Xiaomi 13 Pro;
  • Poco F6;
  • Poco X6 Pro;
  • Xiaomi MIX FLIP;
  • Xiaomi 14T Pro;
  • Xiaomi 13T Pro.

Şeýle hem «XiaomiTime» çeşmesi bu täzelenmäni Xiaomi 14, Xiaomi 15 we Xiaomi 13 Ultra modelleriniň hem aljakdygyny belleýär. Emma olaryň näme sebäpden sanawa goşulmandygy barada maglumat bermeýär.