"Türkmenhowaýollary" doglan güni gabat gelýän ýolagçylara arzanladyş aksiýasyny yglan etdi

21.02.2025, 06:1018,103

"Türkmenistan" awiakompaniýasy ýolagçylaryny doglan güni bilen gutlap, olar üçin ýörite aksiýa yglan etdi. Eger-de ýolagçynyň doglan güni uçuş gününe gabat gelse, onda biletleri arzanladyş bilen satyn alyp bolar.
Aksiýa şu ugurlar boýunça hereket edýär:
Aziýa:

  • Aşgabat – Kuala-Lumpur – Aşgabat
  • Aşgabat – Ho Şi Min – Aşgabat
  • Aşgabat – Bangkok – Aşgabat

Ýewropa:

  • Aşgabat – London – Aşgabat
  • Aşgabat – Frankfurt – Aşgabat
  • Aşgabat – Milan – Aşgabat

Aksiýa 2025-nji ýylyň 25-nji oktýabryna çenli dowam edýär.
Aksiýadan peýdalanmak üçin Türkmenistanda ýerleşýän awiabilet satyn alyş kassalaryna ýüz tutmaly. Has giňişleýin maglumat awiakompaniýanyň resmi web sahypasynda elýeterlidir.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.