Braziliýada Günorta Amerikada doglan ilkinji ak aýyjyk görkezildi

02.03.2025, 21:306,022
1 / 2

San-Paulu okeanariumy Latyn Amerikada doglan ilkinji ak aýyny görkezdi. Bu barada merkeziň Instagram sosial torundaky resmi hasabynda habar berildi.

Bellenmegine görä, ak aýynyň ene-atasy Kazan haýwanat bagyndan Braziliýa getirilipdir.

«Şu gün, Halkara ak aýy gününde, biz ajaýyp pursadyň şaýady bolduk – ilki bilen žurnalistler, soň bolsa myhmanlarymyz Nur atly aýyjygy gördüler» — diýip, habarda bellenilýär.

Nur geçen ýylyň 17-nji noýabrynda dünýä indi. Doglanda onuň agramy 400 gramdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.