Redmi, Xiaomi we POCO telefonlaryndaky reklamalary nädip öçürmeli? Ädimme-ädim gollanma

18.03.2025, 11:085,629
1 / 3

Mobiltelefon.ru YouTube kanalynda Xiaomi, Redmi we POCO smartfonlaryndaky ýürege düşgünç reklamalary öçürmek üçin täze görkezme-wideo peýda boldy. Bu sazlamalary özbaşdak ýerine ýetirmek gaty aňsat, emma ünsli bolmagy talap edýär.

1. Ilki bilen «Sazlamalara» (Настройки) giriň.

  • «Barmak yzy, ýüz maglumatlary we enjamyň goragy» (Отпечатки, данные лица и защита устройства) bölümine geçiň.
  • Soňra «Şahsy maglumatlara elýeterlilige» (Доступ к личным данным) giriň.
  • Şol ýerdäki «Howpsuzlyk» (Безопасность), «msa» we «System Daemon» opsiýalaryny öçüriň.

2. Soňra «Gizlinlige» (Конфиденциальность) giriň.

  • «Mahabat hyzmatlary» (Рекламные службы) programmasyny tapyň.
  • Soňra şol ýerdäki «Şahsylaşdyrylan mahabatlary» (Персонализация рекламы) öçüriň.

3. Programmalardaky mahabatlary öçüriň.

  • «Sazlamalarda» (Настройки) «Programmalar» (Приложения) bölümine giriň.
  • Ekranyň sag tarapynda ýokarda duran üç nokadyň üstüne basyň, soň «Beýleki sazlamalara» (Прочие настройки) we «Ulgam programmalaryna» (Системные приложения) giriň.
  • «Mi Brauzerde» goşmaça sazlamalara girip, mahabatlary öçüriň.
  • «Gorag» (Защита) programmasynda «Mahabaty blokirle» (Блокировать рекламу) diýen opsiýanyň üstüne bellik goýuň.
  • «Saz» (Музыка) we «Howpsuzlyk» (Безопасность) ýaly programmalarda hem ähli maslahatlary we mahabatlary öçüriň.

4. Soňra beýleki programmalardaky mahabatlary öçürüň.

  • – «Mi Wideo», «GetApps», «Temalar» (Темы), «Oýun merkezi» (Игровой центр) ýaly programmalaryň mahabatlaryny öçürmek üçin olaryň öz sazlamalaryna girip, mahabatlary öçüriň.

5. Ekranyň fon suratlaryndaky (wallpaper) mahabatlary öçüriň.

  • – «Wallpaper Carousel» (Карусель обоев) programmasyna girip, mahabatlary öçüriň ýa-da ony düýbünden pozuň.

Has giňişleýin maglumat almak üçin şu wideony görüp bilersiňiz.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.