Malaýziýanyň Sunway uniwersitetinde Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaby tanyşdyryldy

28.03.2025, 01:122,284
1 / 2

26-njy martda Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçihanasynyň guramagynda Sunway uniwersitetinde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitaby tanyşdyryldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.

Tanyşdyrylyş dabarasyna ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlary, şeýle hem bu uniwersitetde bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi M.Maşalow öz çykyşynda «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitabyň many-mazmuny barada giňişleýin gürrüň berip, şahyryň döredijiliginiň parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerini ilerletmekdäki ähmiýetini belledi.
Çäräniň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitaby Sunway uniwersitetiniň kitaphana gaznasyna gowşuryldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.