Lýuis Hemilton rowaýata öwrülen Ferrari superkarynyň mirasdüşerini çykarmak isleýär

28.03.2025, 10:348,282

Formula-1-iň 7 gezek çempiony, Scuderia Ferrari üçin çykyş edýän Lýuis Hemilton öz superkaryny döretmek isleýändigini yglan etdi. Model F44 indeksini alar diýip, Motorsport habar berýär. Bu meşhur Ferrari F40-a we Hemiltonyň awtoulagynyň gapdal belgisi 44-e salgylanma bolar.

F40-yň brendiň 40 ýyllygy mynasybetli çykarylandygyny, adyndaky 40 belginiň şonuň bilen baglydygyny bellemelidiris.
Hemiltonyň sözlerine görä, Ferrari F44 F40-nyň häzirki zaman wersiýasy bolar we mehaniki geçiriş gutusyny saklar.
Taslamanyň tehniki jikme-jiklikleri entek aýdylmady. Lýuis superkaryň üstünde işlemek üçin birnäçe ýyl gerek boljakdygyny aýtdy. LaFerrari-niň gibrid böleksiz şassisi F44-e esas bolup biler diýip, Motor1habar berýär. Durmuşa geçirilen ýagdaýynda taslama seýrek we üýtgeşik modellerden ybarat Ferrari Icona setiriniň  bir bölegi bolar.
Britaniýaly türgen köpden bäri Ferrari-niň muşdagydy. Onuň ýygyndysynda eýýäm LaFerrari Aperta we 599 GTO bar. Şeýle-de bolsa, Hemiltonda ady rowaýata öwrülen F40 ýok.
Bu superkar kolleksionerleriň arasynda aýratyn gymmatly hasaplanýar, sebäbi ol firmanyň  esaslandyryjysy Enso Ferrariniň hut özi tarapyndan tassyklanan iň soňky model hasaplanýar. F40-yň jemi 1311 nusgasy öndürildi. Şeýle awtoulaglaryň bahasy azyndan 2 million dollar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.