Akylly gyzdyryjy o diýen akylly däl bolup çykdy: GM täze Cadillac Optiq-däki näsazlygy düzedýär

02.04.2025, 05:202,288

General Motors kompaniýasy Cadillac Optiq 2025-iň aýna süpürgiçleriniň durýan ýerindäki gyzdyryjy ulgamyň näsazlygynyň düzedilendigi barada beýanat çykardy. Yşyklandyryşy dolandyryş modulynda programma üpjünçiliginiň näsazlygy sebäpli, aýnanyň düýbündäki gyzdyryjy işlemeýär.

Ony düzetmek üçin, detal çalyşmak zerur däl, diňe täzeden proşiwka etmek ýeterlik. Täzelenme howa boýunça (OTA) ýa-da ygtyýarly diler merkezlerinde gurnalyp bilner. Abatlaýyş zawod kepilliginiň çäginde mugt amala aşyrylýar.
Cadillac Optiq - bu ähli tekerleri hereketli, 300 at güýjüni öndürýän iki sany elektrik hereketlendirijili we 480 km-ä çenli ýöreýiş ätiýaçlygy bolan täze elektrik krossoweridir. 2025-nji ýylyň modeliniň bahasy 54 390 dollardan başlaýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.