GM yzky diwanyň adaty merkezi tirsekgoýaryny kiçeňräk iş stoluna öwürmegi teklip etdi. Bu gurluş tirsekgoýaryň üstüni çepe ýa-da saga süýşürmäge we ýolagçylara üstünde noutbuk, planşet, smartfon ýa-da beýleki zatlary goýmaga mümkinçilik berýär.
Şeýle ulgam ABŞ-nyň 2026/0217173 A1 patent arzasynda suratlandyrylýar. Panel tutuşlygyna tirsekgoýaryň içinde gizlenýär.
Ulgamyň esasy aýratynlygy — ony iki tarapdan hem ulanyp bolýar. Şol bir stoly çep tarapdaky ýolagçy hem, sag tarapdaky ýolagçy hem öz öňüne çekip bilýär. Bu bolsa öňdäki oturgyçlaryň arka tarapyna aýratyn stol berkitmek zerurlygyny aradan aýyrýar.
Şarnirler elementleri birnäçe duruşda berkitmäge mümkinçilik berýär.
Görnetin bir kemçiligi hem bar: stolly tirsekgoýary ýatyrylan wagty yzky oturgyjyň merkezini, bir adamlyk orny doly eýeleýär.
GM Global Technology Operations kompaniýasy patent arzasyny 2025-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda beripdir, ol 2026-njy ýylyň 30-njy iýulynda çap edildi. Resminamalarda ulgamyň haýsy model üçin niýetlenendigi heniz anyk görkezilmeýär. Şonuň üçin bu gurluş entek diňe patentligine galýar, geljekde çykaryljak haýsydyr bir ulag üçin tassyklanan opsiýa däl.