Türkmen-fransuz ykdysady forumynyň netijeleri boýunça 4 sany resminama gol çekildi

07.05.2025, 06:115,202

6-njy maýda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaömagynda Parižde geçirilen Türkmen-fransuz ykdysady forumynyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Resminamalaryň hatarynda

  • Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen «Airbus Defence and Space SAS» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi bilen «IGN FI» kompaniýasynyň (Fransiýa) arasynda ýer kadastry we oba hojalyk ekinlerine uzak aralykdan gözegçilik etmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen «SUEZ International» kompaniýasynyň arasynda suw hojalyk ulgamyndaky hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • «Türkmengaz» döwlet konserni bilen «SUEZ International» kompaniýasynyň arasynda Türkmenistanyň gaz senagatynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.